2024-nji ýylyň 27-30-njy
noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul
şäherinde «10-njy Bütindünýä Halal
sammiti» we «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisi geçirilýär. Bu giň möçberli çärä gatnaşýan
türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy
ýolbaşçylyk edýär. Çäräni Türkiýe
Respublikasynyň Söwda ministrligi we Yslam söwda ulgamyny ösdürmek boýunça
Merkezi bilelikde guraýar.
Halal önümleriň we önüm öndürijileriň özboluşly
mahabatlandyryş meýdançasy bolan bu çärä
esasan hem azyk senagaty, azyk harytlary, derman senagaty, dokma senagaty,
syýahatçylyk we maliýe ulgamynda hereket edýän kompaniýalar gatnaşýarlar.
Stambul şäherinde geçirilýän bu
sammite we sergä dünýäniň 100-e golaý döwletinden gelen
kompaniýalar özleriniň 1000-den gowrak sergi pawilýonlaryny oňa gatnaşýan 50
müňe golaý myhmanlara hödürleýärler.
«10-njy Bütindünýä Halal sammiti» we «Halal EKSPO ─ 2024» atly sergisi öz
işini 29-njy noýabra çenli dowam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.