2024-nji ýylyň 25-27-nji noýabry aralygynda Saud
Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 28-nji Bütindünýä Maýa goýum
Konferensiýasy «Durnukly ösüş
ulgamyndaky sanly transformasiýasy: maýa goýumlaryň mümkinçiliklerine baha
bermek»
atly mowzuk bilen geçirildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary aragatnaşyklar
ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşan bu çäresiniň guramaçysy
bolup, Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýumlar ministrligi bilen dünýäniň
136 sany döwletini öz içine alýan, dolandyryjy düzümi 14 sany dünýä
döwletlerinden ybarat bolan Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriniň
Bütindünýä bileleşigi çykyş etdi.
Dünýäniň 130 döwletinden 2000 müňden gowrak adam gatnaşan
bu giň möçberli çäräniň dowamynda Bütindünýä bazarlaryndan ugur almak sessiýasy,
ýokary derejeli wekilleriň tegelek stoly hem-de Maýa goýum çekmek boýunça
agentlikleriniň Bütindünýä bileleşiginiň Aýratyn üstünlikleri gazanan taraplary
sylaglamak dabaralary geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.