04.10.2025
                    
                                      
                                                            
                                           2025-nji ýylyň 3-nji
oktýabrynda  Şarja emirliginde  dürli müşki-anwar yslary bilen maýyl edýän
parfýumlaryň sergisi öz işine başlady. Sergini Şarjanyň Söwda-senagat edarasy
we Ekspo Merkezi bilelikde gurnadylar. Emirat atyrlarynyň sergisi köpdürliligi
hem özboluşlylygy bilen täsir galdyrýar. Bu sergi ençeme   ýerli 
we meşhur  brendleri öz içine
alýar. Bu ýere gelenler hoşboý ys pudagynda öňdebaryjy öndürijiler, hünärmenler
we täzelikler şeýle-de  ýakymly ysly
tütetgiler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
    Emirlik
atyr önümleriniň sergisine   Türkmen-Emirlik işewürler forumyna gatnaşan
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň wekilleri we agzalary  hem
hormatly myhman boldular. 
      Türkmen wekiliýeti üçin  bu sergi täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini
öwrenmek we tejribe alyşmak üçin ähmiýetli waka boldy. 
                                                                                          
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.