Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-owgan işewürlik maslahaty: iki ýurduň hyzmatdaşlygyna giň mümkinçilik açylýar

05.03.2024
13
Card image cap

    2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi.  

  Türkmen paýtagtynda söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy gün tertibine girizilen işewürlik maslahatynyň geçirilmegi  iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna özboluşly täsir eder.

  Maslahatyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesine daýanýan iki ýurduň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanýan işewürler Owganystan bilen Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini bellediler.  

  Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak-edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 

 


Bulary hem okaň