02.06.2025
                    
                                      
                                                            
                                                  2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet
saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-mongol işewürler forumyna Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. 
         Saparyň
dowamynda türkmen wekiliýeti ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşyp, ykdysady
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen çärelerde işjeň çykyş etdiler.
Ulan-Bator şäherinde geçirilen Türkmen-mongol işewürler forumynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy M.Gurdow çykyş edip,
ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri, maýa goýum şertleri we işewürlik
gatnaşyklary boýunça giň maglumat berdi. 
         Forumyň
çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar türkmen we mongol telekeçileriň
arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna şert döretdi. Döwlet
saparyny amala aşyran wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň wekilleriniň  foruma işjeň
gatnaşmagy  ykdysady netijeliligi has-da
ýokarlandyrdy. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.