04.12.2025
2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem-de “Halkara – Türkmen Logistik” hojalyk jemgyýetiniň wekili “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Işewürler Geňeşiniň nobatdaky altynjy mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Mejlise Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary gatnaşyp, çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda ýurdumyzyň soňky ýyllarda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleri, sanlylaşdyrma ugrunda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler hem-de degişli ulgamlarda döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärede Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi, bilelikdäki taslamalar, ulag-logistika ulgamlaryndaky mümkinçilikler we maýa goýum ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, howpsuz logistika zynjyrlaryny döretmek, täze bazarlara çykmak we sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky teklipler öňe sürüldi.
Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň geljekde has-da giňeldiljek ugurlary, hususan-da tehnologiýa, senagat, energetika we transport-logistika gurluşyklary boýunça hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri aýratyn bellenildi.
Çäräniň netijeleri gatnaşyk edýän ýurtlaryň işewür düzümleri üçin özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny ýola goýmagyna itergi berdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.