29.05.2025
                    
                                      
                                                            
                                             2025-nji ýylyň 29-njy maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika
Bhagat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Hindistan-Merkezi Aziýa işewürler geňeşiniň
çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksadyna
gönükdirildi. 
         Taraplar
söwda, senagat, maýa goýum, energetika, oba hojalygy, ulag-logistika we ýokary
tehnologiýalar ýaly strategik ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki
derejesine ýokary baha berdiler hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň
mümkinçiliklerini seljerdiler. 
      Duşuşygyň
dowamynda taraplar işewürler geňeşiniň çäginde bilelikdäki forumlaryň,
sergileriň we mahabat çäreleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp
geçdiler. Şeýle çäreler hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna hem-de
telekeçiler üçin amatly iş şertleriniň döredilmegine mümkinçilik döreder.
         Duşuşygyň
ahyrynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça
pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň dowam etdiriljekdigini
nygtadylar. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.