Hormatly Prezidentimiziň
öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan halkara söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň ýolbaşçysy bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madmarow Azizbekiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Iki
ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen
geçirilen duşuşykda, bilelikdäki işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmek we
maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan-da, 2025-nji
ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler
Birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergi we
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara maýa goýum forumynyň
çäklerinde Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda
gyrgyz işewürleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak teklip
edildi. Bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň üstünlikli
amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Mundan
başga-da, 2025-nji ýylyň 8-10-njy aprel aralygynda Gyrgyzystanda geçiriljek
Russiýa-Ýewraziýa sebitiniň moda senagaty bilen baglanyşykly halkara sergä
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen işewürleriniň
gatnaşmagynyň zerurlygy bellenildi. Türkmen dokma we ýeňil senagat pudagynyň
wekilleriniň bu sergä gatnaşmagy, olaryň halkara bazardaky ornuny
pugtalandyrmaga we önümlerini täze bazarlara çykarmaga mümkinçilik döreder.
Duşuşykda
ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine hem aýratyn üns
berildi. Gyrgyzystan bilen Türkmenistany birleşdirýän ulag ýollarynyň gurulmagy
we ösdürilmegi, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga
itergi berjekdigi nygtaldy.
Türkmenistan
bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem iki dostlukly
ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin oňyn ädimleriň biri
bolup durýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.