20.05.2025
                    
                                      
                                                            
                                        2025-nji ýylyň
16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-eýran parlamentara  dostluk toparynyň başlygy jenap Abdoljalal Iriň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet  bilen
duşuşyk geçirildi. 
TSSE-niň
ýolbaşçysy M.Gurdow parlamentara dostluk topary bilen bu duşuşygyň
ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine täze itergi
berjekdigine we özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň
açyljakdygyna ynanýandygyny belledi. Şeýle-de taraplar işewürlik gepleşiklerine
 we halklarymyzyň peýdasyna bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny aýtdylar. 
Eýran tarapy şu
ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  guramaçylygynda Gürgen şäherinde  Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisiniň
üstünlikli geçendigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny
görkezmek maksady bilen şeýle sergileri yzygiderli guramak babatda pikir
alyşyldy. 
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.