Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi dowam edýär

05.12.2024
34
Card image cap

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda düýn açylan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini üstünlikli dowam edýär.

Bu köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy görkezilýär. Ýöriteleşdirilen sergi köp ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen eksport harytlarynyň sergisi ösüş mümkinçiliklerini we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.  Munuň şeýledigine ozal ýerine ýetirilen we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň