2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady.
Bu üç günläp dowam etjek köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy, ýagny senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkeziler.
Dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen eksport harytlarynyň sergisi ösüş mümkinçiliklerini we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Munuň şeýledigine ozal ýerine ýetirilen we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar şaýatlyk edýär.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 6-njy dekabra çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.