Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TSSE-niň guramaçylygynda Gürgende ilkinji sergi

07.05.2025
204
Card image cap

      2025-nji ýylyň 5-7-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini açyp görkezýän ilkinji sergi geçirildi. Sergi TSSE-niň guramaçylygynda Gürgen şäheriniň Halkara sergiler merkezinde öz işini alyp bardy.

         Bu çäre  Eýran bazarynda türkmen önümlerini tanyşdyrmak hem-de işewür gatnaşyklary ösdürmek babatda uly mümkinçiliklere eýedir.

       Sergä 12 sany döwlet edarasy, 50-den gowrak türkmen kärhanasy gatnaşyp, pawilýonlarda dokma, oba hojalyk we azyk senagaty önümleri, şeýle hem eksport mümkinçiligine eýe bolan beýleki pudaklaryñ önümleri görkezildi.

       Gürgen şäheri, Eýranyň demirgazyk sebitinde ýerleşip, möhüm ykdysady we söwda merkezi bolmak bilen ilatynyň köp bölegi etniki türkmenlerden ybaratdyr. Şonuň üçin bu sergi ýerli ilatyň we işewür toparlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

         Bu çäre Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we milli önümçiligi halkara derejesinde öňe sürmek ugrundaky tagallalarynyň nobatdaky ädimidir.

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                     Metbugat gullugy.     


Bulary hem okaň