Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TIF – 2025: Awazada ykdysady tolkun

15.09.2025
55

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňeldilmegini hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýän strategik syýasatyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa Goýum Forumy (TIF – 2025) ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.

         Bu Halkara forum, ýurdumyzda maýa goýum taýdan özüne çekiji ugurlary, ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini hem-de döwlet bilen hususy sektoryň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny açyk görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli hökümet wekilleri, iri maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşar. Onda dürli ykdysady ugurlar boýunça – energetika, ulag-logistika, gurluşyk, senagat, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ýaly möhüm pudaklara maýa goýum çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu forum, Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişliginde ornuny has-da pugtalandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüş maksatnamalaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hyzmat eder.

         Maýa goýum – durnukly ösüşiň binýadydyr!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň