Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty üstünlikli tamamlandy

16.11.2024
14
Card image cap

2024-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda üç günläp dowam eden Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady.

Serginiň we ylmy maslahatyň jemleýji gününde aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary, ykdysadyýetde sanly goşundylar we hyzmatlar, sanly öwrülişik hem-de sanly jemgyýeti ösdürmek boýunça iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri özleriniň türkmen kärdeşleri bu ugurlarda tejribelerini paýlaşdylar.

  Halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy hem-de sergä we maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 

 


Bulary hem okaň