Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda iki günläp dowam eden Telearagatnaşyk,
telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň
«Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady.
Serginiň we
ylmy maslahatyň jemleýji gününde aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary,
ykdysadyýetde sanly goşundylar we hyzmatlar, sanly öwrülişik hem-de sanly
jemgyýeti ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça tejribeler paýlaşyldy. Şeýle hem, bu giň gerimli halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde «Sanly çözgüt ─ 2023» atly innowasion
taslamalar bäsleşiginiň jemleri jemlenip ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar
hem-de diplomlar gowşuryldy.