2025-nji ýylyň 23-24-nji apreli
aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine
daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum – TEIF 2025
geçiriler. Forumyň maksady Türkmenistanda maýa goýum mümkinçiliklerini
giňişleýin tanyşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt
maýadarlaryny çekmekdir.
Bu
halkara forumyň çäklerinde energetika, senagat, ulag-logistika, oba hojalygy,
IT we beýleki pudaklar boýunça maýa goýum taslamalary hödürlenip, ikitaraplaýyn
işewür duşuşyklary geçirilip, hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy forumyň üstünlikli geçmegi üçin giň gerimli taýýarlyk
işlerini alyp barýar we daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gepleşikleriň
geçirilmegine mümkinçilik döredýär.
TEIF
2025 forumy Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny
pugtalandyrmaga we täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berer.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.