2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde TEIF 2025 öz işine başlady. Forum dünýäniň dürli künjeklerinden alymlary, innowatorlary, işewürleri we döwlet wekillerini bir ýere jemläp, häzirki döwrüň iň möhüm tehnologiýa we ylmy ösüşleri bilen bagly meselelere ünsi çekýär.
Forumyň maksady – ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ylmy-tehniki pikirleri alyşmak hem-de innowasion çözgütleriň durmuşa geçirilmegine ýardam etmekdir. Bu halkara forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy barada https://teif-turkmenistan.com/tm resmi saýtynda giňişleýin maglumat berilýär.
TEIF 2025 çäreleriniň dowamynda dürli mowzuklara bagyşlanan duşuşyklar, sergiler we taslama tanyşdyryşlary geçirilýär.
TEIF 2025 forumy 24-nji aprele çenli dowam eder we onuň jemleýji gününde halkara hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.