2025-nji
ýylyň 14-nji maýynda Kazanda «Russia Halal
Expo» halkara sergisi öz işine başlady. Bu çäre halal önümler we hyzmatlar pudagynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek
üçin giň gerimli meýdançadyr. «Russiýa Halal Expo» halkara köp ugurly sergisi bolup, dürli
ugurlarda, şeýle hem halal
önümlerini öndürýän kärhanalar gatnaşýarlar.
Şu güne çenli türkmen kärhanalarynyň
mynasyp bolan ISO we HACCP, «Halal» halkara güwänamalary olaryň azyk önümleriniň
hiliniň ýokarydygyna, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Bu sergi
türkmen öndürijilerine halal önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak we dürli
ýurtlardan geljek hyzmatdaşlar bilen işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmak
üçin aýratyn mümkinçilik berer.
15-16-njy maýda Tatarystan Respublikasynyň
paýtagtynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum
2025» atly XVI ykdysady forumy hem geçirilýär.
2009-njy ýyldan bäri giňden tanalýan bu forum özüni möhüm meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, maýa goýum
mümkinçilikleri tanyşdyrmak, rus kompaniýalaryna Yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan
bolan hyzmatdaşlary bilen işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly,
iri meýdança hökmünde tanatdy. Türkmenistan üçin bu forum Russiýa bilen söwda we ykdysady
hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, şeýle hem dünýäniň halal önümler bazaryndaky ornuny
berkitmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.