Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Stambulda geçirilen “Halal Expo 2025” halkara sergisinde Türkmenistanyň diwarlygyna ýokary baha berdiler

01.12.2025
185

         2025-nji ýylyň 26-29-njy noýabry aralygynda Stambul şäherinde geçirilen “Halal Expo 2025” sergisi üstünlikli tamamlandy. Bu sergä Türkmenistandan we dünýäniň dürli ýurtlaryndan  kompaniýalar, işewürler, maýadarlar we halal önümler bilen gyzyklanýan myhmanlar gatnaşdylar.

         Sergi  halal senagatynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy: azyk önümleri parfýumeriýa, saglygy goraýyş, moda, farmasewtika we hyzmatlar pudagy. Täze tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de halal önümçiliginiň global tendensiýalary baradaky çykyşlar sergä aýratynlyk goşdy.

        Çäräniň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, täze hyzmatdaşlyklaryň döredilmegi we täze eksport mümkinçilikleriniň açylmagy ýaly möhüm  meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

        Sergä gatnaşan türkmen  kompaniýalary öz önümlerini giň jemgyýete tanatmak,  dünýä bazaryna çykmak mümkinçiligine eýe boldular.

        Gatnaşan myhmanlar serginiň ýokary guramaçylyk derejesini, gatnaşyjy ýurtlaryň baý medeniýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň milli diwarlygyna juda ýokary baha berdiler. Milli diwarlygymyz iň köp ýadygärlik surata düşülýän we işewürlik tekliplerinden söz açylýan meýdança boldy.

          

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň