Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Stambul duşuşygy:täze ykdysady mümkinçiliklere tarap

03.07.2025
73
Card image cap

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu möhüm ykdysady çärelere Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, senagat, gurluşyk, energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan çykyşlarda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalary, telekeçiligi goldamak boýunça döredilen amatly şertler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Mejlisiň dowamynda türkmen hem-de türk işewürleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary amala aşyrmak boýunça birnäçe teklipler we başlangyçlar hödürlendi. Şeýle hem serginiň çäginde işewürlik duşuşyklary geçirilip, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň