28.04.2025
                    
                                      
                                                            
                                        2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda TSSE-niň ýolbaşçysynyň we Kolumbiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ektor Isidro Arenas Neýranyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Hormatly myhman Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde Kolumbiýanyň gyzyklanmasy barada aýtdy.
  
 Duşuşygyň barşynda taraplar  özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga
hemişe taýýardyklaryny nygtadylar. Şeýle-de Türkmenistan bilen Kolumbiýanyň
işewür düzümleriniň birek-birege saparlaryny, özara duşuşyklaryň we
maslahatlaryň geçirilmegini guramak barada 
pikir alyşdylar.  Kolumbiýaly
myhman Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 29-njy aprelde badalga aljak "Halkara
söwda we hyzmatlar" atly sergi-ýarmarka we "Türkmenistanda
halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi"atly halkara maslahata
gatnaşmaga çagyryldy. Myhman  çakylygy
kabul edip, ýokary myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.  
Duşuşygyň ahyrynda hormatly myhmana täze bellenen ýokary diplomatik wezipesinde uly üstünlikler hem-de Türkmenistanyň bilen Kolumbiýanyň dost-doganlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pajarlap ösmegi arzuw edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.