2025-nji ýylyň
3-nji iýulynda Türkiýäniň Stambul şäherinde dowam edýän Türkmenistanyň eksport
harytlarynyň sergisiniň ikinji güni hem ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli
dowam etdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu halkara
sergi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we türkmen
harytlarynyň halkara bazardaky orny barada giň düşünje döretmäge
gönükdirilendir.
Serginiň dowamynda
türk işewür toparlarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de
ýerli myhmanlaryň gatnaşmagynda dürli duşuşyklar we işewür gepleşikleri geçirildi.
Myhmanlar türkmen öndürijileri tarapyndan görkezilýän ýokary hilli önümleri
bilen tanyşdylar.
Sergide
ýurdumyzyň dürli pudaklaryny öz içine alýan önümleri: dokma we ýeňil senagatyna
degişli önümler, azyk önümleri, gurluşyk serişdeleri, himiýa senagaty, halyçylyk
we beýleki ugurlar boýunça eksport mümkinçiligi bolan harytlar görkezilýär. Bu
önümler sergä gatnaşyjylar tarapyndan ýokary gyzyklanma bilen garşylandy.
Türkmenistanyň
eksport harytlarynyň sergisiniň ikinji güni dostlukly gatnaşyklaryň, özara
ynamly hyzmatdaşlygyň berkemegine we täze ykdysady mümkinçilikleriň açylmagyna
ýardam berýän netijeli ykdysady platforma hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.