Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Sergi-ýarmarkanyň çäginde ussatlardan ussatlyk sapaklary

30.04.2025
130
Card image cap

    «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy toý şüweleňini ýadyňa salýar. Sebäbi ýarmarkanyň çäginde  aýdym-sazly çäreler bilen bir hatarda, ussatlyk sapaklary hem bäsleşikler geçirilýär. Sergi-ýarmarkasyna gelen myhmanlar diňe bir sergini synlamak bilen çäklenmän, eýsem ussatlardan tälim, toý şowhunyndan çäksiz ruhy lezzet alýarlar.

     «Dogry iýmitlenmegiň düzgünleri» atly maslahat beriji, «Gül çemeninden kompazisiýa», «Özboluşly gül çemenini ýasamak sungaty», «Gündogaryň usulynda gülçülik filosofiýasy» ýaly tälim beriji ussatlyk sapaklary geçirilýär. Şeýle-de ussat aşpezler  milli süýjülikleri we italýan tagamlaryny taýýarlamagyň inçe syrlaryny öwredýärler. «Häsiýetli gadžetler» atly aşpezçilikde häzirki zaman sanly ulgamdan peýdalanmagyň ýönekeý düzgünleri boýunça tälim beriji ussatlyk sapaklary hem alynyp barylýar. Ussatlyk sapaklary üç günläp - 1-nji maýa çenli  dowam edýär.   


        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                                                                                                                                                                                      Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň