01.05.2025
                    
                                      
                                                            
                                             «Halkara söwda we hyzmatlar»  atly sergi-ýarmarkasynda sanly ulgamyň sansyz mümkinçiliklerinden peýdalanylyp,  bijeli bäsleşik yglan edildi. Bäşleşigiň maksady sanly ulgamyň üsti bilen sergini işjeňleşdirmek,  gatnaşyjylary höweslendirmekden ybarat boldy. Sergi-ýarmarka gatnaşyjy telekeçileriň pawilýonlaryndan söwda edenleriň telefon belgileri bellige alynyp, sms arkaly kod paýlanyldy. 
       «Bijeli oglan aglamaz» diýilişi ýaly, ýeňijiler  awtomatik usulda saýlanyldy. Bijesi çykan müşderiniň eline: «Sizi ýeňşiňiz bilen gutlaýarys!» diýen sms gelip gowuşdy, soňra ýeňijä söwda  eden pawilýonyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň ençemesi dürli sowgatlara eýe bolup, şeýle ýokary guramaçylyga eýe bolan sergi-ýarmarkanyň işinden hoşaldyklaryny beýan edip, türkmen telekeçilerine işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.