Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Sergi diplomatiýasy: Türkmenistan BIE bilen gatnaşyklary giňeldýär

19.06.2025
41
Card image cap

        2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Fransiýanyň Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň (Bureau International des Expositions – BIE) Baş Assambleýasynyň 176-njy mejlisi geçirildi. Bu çäre BIE agza ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemläp, halkara we ýörite sergileriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli platforma hökmünde çykyş etdi.

        Mejlise dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ýurdumyzyň BIE-niň ýanyndaky hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri boldylar.

Çäräniň dowamynda halkara sergileriň häzirki ýagdaýy, geljekki meýilnamalar, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy, sergilere gatnaşýan ýurtlaryň hukuklary we borçlary ýaly birnäçe ugurda çykyşlar diňlenildi we pikir alşyldy.

Mejlisiň dowamynda BIE-niň Dolandyryş we býujet komitetiniň Prezidenti çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Ol çykyşynda 2025-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde geçirilen BIE-niň Dolandyryş we býijet komitetiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn nygtady. Şeýle-de bu duşuşygyň Halkara sergiler býurosynyň taryhynda ilkinji gezek Pariž şäheriniň daşynda geçirilendigini belläp, onuň halkara gurama üçin taryhy waka hökmünde ähmiýetini belledi.

Türkmenistan tarapyndan şeýle ýokary derejede geçirilen bu çäre BIE-niň işine ýurdumyzyň goşýan işjeň goşandynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle-de, bu çäre Türkmenistanyň halkara sergi hereketine hemmetaraplaýyn gatnaşýandygynyň we bu ulgamda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdiginiň nobatdaky beýany boldy.

Halkara sergiler býurosy dünýäniň sergi ulgamyndaky esasy guramalarynyň biri bolup, Bütindünýä (Expo), ýörite (Specialized Expo) we beýleki halkara derejeli sergileri guramagyň hem-de geçirmek düzgünlerini kesgitleýär. Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki medeni, ykdysady we ylmy ösüşleriniň giňden ýaýradylmagyna mümkinçilik döredýär.

Parižde geçirilen bu mejlisde kabul edilen kararlar geljekki halkara sergileriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegine, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy .


Bulary hem okaň