2025-nji ýylyň 15-16-njy maýynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilýän « Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum» atly halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralan «Russiýa Halal Expo» halkara sergisiniň açylyş dabarasyna ýokary derejeli wekillerden – Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we hormatly myhmanlar gatnaşdy.
Serginiň umumy meýdany – 30.000 inedördül metrden ybarat bolup, Türkmenistanyň milli pawilýony 182 inedördül metr meýdany eýeleýär. «Russiýa Halal Expo» halkara sergisine 12 döwletden 230-dan gowrak gatnaşyjy gatnaşyp, Türkmenistanyň milli pawilýony görenleriň ünsüni özüne çekýär. Bu halkara sergisinde häzirki zaman önümçiliginiň köpdürliligi aýratyn göze ilýär. Türkmenistan, Türkiýe Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Senegal Respublikasy, Bahreýn döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Mordowiýa Respublikasy ýaly dürli döwletleriň pawilýonlary gadymy gündogar bazarlarynyň gyzgalaňlylygyny hem häziki zaman dünýä bazarynyň döwrebap ösüşini özünde jemleýär.
Bu sergä Türkmenistan döwletimizden wekilçilik edip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Arkadag şäher häkimligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we onuň agzalary gatnaşýarlar.
Sergini synlamaga gelýän 20 müňden gowrak myhmana Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümler, hususy telekeçileriň öndürýän azyk önümleri we içgiler, aýakgap we deri önümler, himiki serişdeler, şeýle-de saglygy goraýyş we derman senagatyna degişli bolan önümler, çaýlar we dermanlyk ösümlikler, nebitgaz we himiýa senagatyna degişli önümler görkezilýär. Kompýuter enjamlary we senagat harytlary bilen birlikde, milli, amaly-haşam sungaty, zergärçilik önümleri hem-de saz gurallary sergä aýratyn öwüşgin çaýýar. Serginiň gözden geçirilişinde Türkmenistanyň pawilýonyna gelýän daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri ýurdumyzda öndürilýän dokma, haly, azyk, himiýa we derman senagatyna degişli önümlere aýratyn gyzyklanma görkezip, hyzmatdaşlyk üçin isleg bildirýärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.