Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Söwda wekili bilen duşuşyk geçirildi

14.05.2025
152
Card image cap

    2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Söwda wekili Andreý Hripunow bilen TSSE-niň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Russiýanyň we Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçilikleriniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlete öwrüldi.

      Türkmenistan Russsiýa nebit-himiýa, tekstil, oba-hojalyk önümlerini eksport edýär. Duşuşygyň barşynda eksport mümkinçiliklerini giňeltmek dogrusynda hem pikir alyşyldy.  TSSE-niň ýolbaşçysy M.Gurdow rus kompaniýalaryny, işewürlerini geçirýän sergidir ýarmarkalarymyzda  görmäge mydama şatdygyny belläp, hormatly myhmany hem  çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de duşuşuşykda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

                                                      


Bulary hem okaň