Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty tamamlandy

06.03.2024
24
Card image cap

   Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda 3 günläp dowam eden Owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler  maslahaty üstünlikli tamamlandy. 

   Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen duşuşmak mümkinçiligi döredilen bu çärä  gatnaşan Owgan önüm öndürijileriniň dürli harytlary serginiň pawilýonlarynda  giňden ýaýbaňlandyryldy.

   Iki dostlukly döwletiň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam eden bu sergide özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.  Serginiň we maslahatyň çäklerinde geçirilen işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 

 


Bulary hem okaň