Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler

28.02.2024
16
Card image cap

2024-nji ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda owgan  harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler.

Serginiň geçýän günleri Owganystana wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezerler.

Serginiň çäklerinde geçirilýän türkmen-owgan işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewürleri özara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirerler.

Owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň işiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan göçme birža söwdalarynyň  guralmagy göz öňünde tutulýar.

Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň dolanyşygyny artdyrmakda, owgan kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde bu serginiň ähmiýeti uly bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň