Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ugrunda

05.12.2024
21
Card image cap

          2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  Oman Soltanlygynyň Türkmenistana bellenen Ilçisi Saif Raşid Saif al Jahwari bilen Edaranyň ýolbaşçysy M. Gurdowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

      Duşuşykda Oman Soltanlygynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiginden ugur alnyp,  iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür wekilleriniň özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak we söwda mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň