2025-nji ýylyň 18-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işine
başlady. Üç gün dowam etjek sergi 20-nji sentýabrda tamamlanar.
Serginiň
açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, hususy we döwlet kärhanalarynyň, şeýle-de daşary ýurtlardan gelen
myhmanlaryň we wekiliýetleriň gatnaşmagy bu çäräniň halkara ähmiýetiniň barha
artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň
ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikleriň giňden şöhlelendirilýän bu sergisinde
senagat, gurluşyk, oba hojalygy, energetika, ulag-logistika, dokma senagaty, IT
tehnologiýalary we beýleki möhüm ugurlarda alnyp barylýan işler aýratyn orun
alýar.
Sergä
gatnaşyjy kärhanalaryň we edara-kärhanalaryň diwarlyklarynda milli önümçiligiň
netijeleri, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň
giňeldilmegi bilen baglanyşykly maglumatlar we önümler görkezilýär. Ýurduň
ykdysady kuwwatynyň, senagatlaşdyrmak syýasatynyň üstünlikleriniň, şeýle-de
hususy pudagyň orny bilen tanyş bolmak isleýänler üçin bu sergi möhüm
mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň
ykdysady ösüşiniň nobatdaky derejesini aýdyň görkezýän bu sergi Garaşsyzlygyň
baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň möhüm bölegi hökmünde giň
jemgyýetçiligiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.