2025-nji ýylyň 5 – 6-njy iýunynda
Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde “Merkezi Aziýa – Hindistan” daşary
işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Bu halkara forum Merkezi Aziýanyň bäş
döwleti – Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan bilen Hindistanyň
arasynda gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň
esasy maksady gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda, maýa goýum we ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýar. Forumyň gün tertibine ykdysadyýetiň
dürli pudaklarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalara itergi
bermek we sebitleýin ösüşe oňyn täsir edýän hyzmatdaşlyk mehanizmlerini
döretmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Forumyň
çäginde 5-nji iýunda “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürlik forumy hem geçirildi.
Bu çäre hökümet wekilleriniň hem-de işewür toparlaryň arasynda göni gepleşikler
üçin netijeli platforma hökmünde çykyş edýär. Onda taraplar ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem foruma gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysady
mümkinçilikleri, eksport kuwwaty hakynda beýan etdiler. Şeýle-de birnäçe ýurtlaryň işewür wekilleri bilen hyzmatdaşlyk
mümkinçilikleri boýunça duşuşyklary geçirdiler.
Bu
forum Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilmeginde täze sahypany açyp, sebitleýin ykdysady ösüşe güýçli
itergi berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.