Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri

26.08.2026
21

       2026-njy ýylyň 25-nji awgustynda “Arçabil” myhmanhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen  duşuşyk geçirildi.  Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy we wekilleri, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen ulag logistika merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar.

         Duşuşykda Türkmenistan bilen Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Taraplar söwda dolanyşygyny artdyrmak, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.

         Duşuşygyň dowamynda maýa goýum we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

         Gepleşikler özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we täze ykdysady başlangyçlara giň ýol açmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.

     Duşuşyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikler bilen baýlaşýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň