Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Wideoaragatnaşyk arkaly täze hyzmatdaşlyk ädimleri

20.03.2025
115
Card image cap

    2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Iordaniýa Haşemit Patyşalygynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

   Bu duşuşyk iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara tejribe alyşmak maksady bilen guraldy. Taraplar söwda gatnaşyklarynyň täze ugurlary, senagat we telekeçilik pudagyndaky mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Türkmenistan bilen Iordaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Taraplar özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler.

    Bu wideoaragatnaşyk duşuşygy iki ýurduň telekeçileriniň  söwda we senagat pudagynda täze başlangyçlary durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle çäreleriň yzygideri geçirilmegi Türkmenistan bilen Iordaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna itergi berer.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň