Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Milli ykdysadyýetiň ösüşini şöhlelendirýän sergi üstünlikli tamamlandy

19.03.2025
46
Card image cap

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp üç günläp dowam eden giň gerimli sergi üstünlikli tamamlandy.

         Sergide ýurdumyzyň söwda toplumyna wekilçilik edýän ministrlikler, pudak edaralary hem-de hususy önüm öndürijiler jemgyýetçilige ýetirilip, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüş ugurlary giňden beýan edildi.

      Bu çäre ýurdumyzyň söwda ulgamynyň gazanan belent sepgitlerini we geljekki ösüş ugurlaryny şöhlelendirýän möhüm meýdança öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudakda gazanylan üstünlikler sergä gatnaşyjylar tarapyndan aýratyn bellenildi.

      Serginiň jemleýji tapgyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize bu çäräni ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikleri üçin çäksiz hoşallyk bildirip, ýörite Ýüzlenme kabul etdiler. Şeýle hem sergä gatnaşan kärhanalara we telekeçilere degişli diplomlar gowşuryldy.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň