2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Gazagystanyň paýtagty Astana
şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa+Hytaý” formatyndaky işewürler forumyna
gatnaşdylar.
Bu
halkara derejeli çäre Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň
arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum mümkinçiliklerini
giňeltmek we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen guraldy.
Foruma
gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleri öz ýurtlarynyň ykdysady mümkinçilikleri,
maýa goýum syýasaty we eksport-import mümkinçilikleri barada çykyş etdiler.
Türkmenistanyň wekilleri hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti, eksport mümkinçilikleri,
energiýa, senagat we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga açykdygyny
bellediler.
Forumyň
çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, söwda, senagat, oba
hojalygy, ulag we logistika ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmek barada öňe sürlen teklipler uly gyzyklanma döretdi.
“Merkezi
Aziýa+Hytaý” formatyndaky işewürler forumy sebitdäki döwletleriň arasynda
ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we sebitleýin durnukly ösüşe uly
itergi berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.