21.02.2024
                    
                                      
                                                            
                                        2024-nji
ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Liwiýanyň
Türkmenistandaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça býurosynyň başlygy Mahmud Hasan bilen
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk
geçirildi. 
Duşuşykda taraplar esasan hem iki ýurduň özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmegiň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda duşuşyklary, işewürler
maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň 
Metbugat gullugy.