Malaýziýanyň paýtagty - Kuala-Lumpurda geçen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda möhüm ähmiýetli çykyşlar edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bu halkara forumda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýbüni tutan we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek syýasatynyň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde we güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şeýle-de Kuala-Lumpuryň forumyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanmagyna, daşary ykdysady gatnaşyklarymyzyň geografiýasynyň giňelmeginiň we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän ykdysadyýetleri bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň nyşany hökmünde garalýandygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa eden resmi saparynyň netijelerine aýratyn ähmiýet berildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
wekiliýeti forumda
maglumat-mahabat önümlerini hem görkezdi. Foruma gatnaşyjylar olar
bilen maglumat beriş tekjelerinde tanyşmaga
mümkinçilik aldylar. Olar Türkmenistanyň hususy pudagynyň maýa goýum
taslamalaryndan, dokma we haly pudaklarynyň eksport mümkinçilikleri barada
kitapçalardan, şeýle-de Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty barada jikme-jik
maglumatlary özüne jemleýän maýa goýum ýolgörkezijisinden ybarat. Bu
maglumatlar amatly maýa goýum mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşmakda we
türkmen hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmakda daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin möhüm
ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.