23.08.2025
                    
                                      
                                                                                                            
                                      
                                                                                                            
                                      
                                                            
                                        
                                        
                                               2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty
aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Kids Expo: ähli
zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde  çagalaryň dürli ýaş toparlaryna niýetlenen
birnäçe ugurlar boýunça ylmy-usuly görkezmeler we interaktiw okuw sapaklary, el
işleri hem-de keramika sungaty boýunça ussatlyk sapaklary, programmirleme
boýunça wiktorinalar, kompýuter oýunlaryny döretmek boýunça okuw sapaklary
geçirildi. 
         Ylmy-usuly
sapaklar ýaşlaryň  bilime bolan
gyzyklanmasyny artdyryp, olaryň täze tehnologiýalar bilen tanyşmagyna giň ýol
açdy. El işleri we keramika boýunça geçirilen ussatlyk sapaklary çagalaryň
döredijilik ukyplaryny ösdürdi, olaryň sungata bolan söýgüsini artdyrdy.
Sport  çäreleri çagalara sagdyn durmuş
ýörelgelerini wagyz etmekde ähmiýetli boldy. 
         Şeýle
hem guralan çäreler çagalaryň  arasyndaky
dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine mümkinçilik döretdi. 
       “Kids
Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda geçirilýän
çäreler ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň giňemegine,
olaryň  pikirlenme başarnyklarynyň ösmegine
we döwrebap jemgyýetde işjeň orun eýelemegine uly itergi berýär. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.