23.08.2025
                    
                                      
                                                                                                            
                                      
                                                            
                                        
                                               2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty
aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Kids Expo: ähli
zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy gyzykly çäreleriň biri bilen dowam
etdi. 
         Halkara
sergi-ýarmarkasynyň meýilnamasyna laýyklykda, 22-23-nji awgustda körpeler üçin
döredilen aýratyn meýdançada “Çalt emedekleme” ýaryşy guraldy. Çärä 1
ýaşa çenli körpeler gatnaşyp, uly şowhun bilen gyzgalaňly geçdi. 
         Ýaryşyň
dowamynda körpeleriň ilkinji hereketleri, olaryň joşgunly ýagdaýy we naşyja
keşpleri sergä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Ýaryşyň ahyrynda
ýeňijiler hem-de ähli gatnaşan körpeler sowgatlar bilen sylaglandylar. 
       Bu
gyzykly  ýaryş  çagalaryň ösüşine, olaryň sagdyn hem-de
şadyýan ruhda terbiýelenmegine gönükdirilen 
çäreleriň biri hökmünde şowhunly garşylandy. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.