Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

KazanForum 2025 we Halal Expo 2025: Yslam ykdysadyýeti we hyzmatdaşlyk üçin giň meýdança

21.04.2025
214
Card image cap

      2025-nji ýylyň 15-16-njy maýynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” we “Russiýa Halal Expo 2025” sergileri geçiriler. Bu çäreler Yslam ykdysadyýeti, halal senagaty we maliýe hyzmatlarynyň ösdürilmegi, maýa goýum mümkinçilikleri we sanly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm platforma bolup hyzmat eder. Türkmenistan bu forumda işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halal senagatyny we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gatnaşar.

Bu forum Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin durnukly ösüşi üpjün etmäge, maýa goýumlary we eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga giň ýol açar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň