27.11.2025
2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Katar Döwletiniň Doha
şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar
toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň başynda oňa
gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Katar
Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp
geçdiler we 2026-njy ýylda Aşgabatda Türkmenistan-Katar Ykdysady Forumyny
geçirmekligi we çäräniň çäginde türkmen harytlarynyň sergisini guramak
babatda özara maslahatlaşyldy.
Iki tarap hem söwda we ykdysady
ugurda katar we türkmen telekeçileriniň
arasynda özara saparlary we duşuşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini
bellediler.
Türkmen hem katar wekiliýeti biri-biriniň
ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmagyna we tejribe alyş-çalşyny
ýeňilleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki hususy pudak çärelerini — sergileri,
söwda hepdeliklerini we ýöriteleşdirilen tanyşdyryş seminarlaryny guramak
meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de maýa goýum
hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi.
Hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maýa goýum taslamalary boýunça
pikir alşylyp, onuň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Türkmen wekiliýetiniň Doha
saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen
Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary
Mohammed bin Tuwar Al Kuwariniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki
ýurduň telekeçileriniň we işewür toparlarynyň arasynda işewür gatnaşyklary
ösdürmek barada pikir alşyldy.
Mejlisde iki ýurduň we halklaryň
giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary
bellenildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy