«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy dürli çärelere baýlygy bilen tapawutlandy. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde geçirilen bäsleşikler örän gyzgalaňly geçip, gatnaşyjylar üçin höweslendiriji ähmiýetli boldy. Bäsleşik gatnaşyjylaryň arasynda milli önümlere we hyzmatlara hil hem-de meşhurlyk taýdan baha bermek boýunça geçirildi. Onuň emin agzalary sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylardan hem-de myhmanlardan ybarat boldy.
Bäsleşik «Iň işjeň pawilýon» ady bilen geçirildi. Ýeňijiler sergä gatnaşyjylaryň hem myhmanlaryň sms arkaly ses bermegi netijesinde saýlanyldy. Şeýlelik-de, «Täze Aý» kärhanasy 16678 sese eýe bolup, ilkinji orna mynasyp boldy. Ikinji orna eýe bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti jemi 14885 ses gazanmagy başardy. «Nesil» kofe önümleri kärhanasy 4781, «Altyn ýunus» hususy kärhanasy 4772 sese eýe bolup, üçünji orna eýe boldular. https://turkmentv.gov.tm/vote/82 Bu elektron salgydan bäsleşigiň netijeleri bilen içgin tanyşyp bilersiňiz.
Bu çäreler diňe bäsleşik däl, eýsem dostlaşyk gurşawyna eýe boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.