Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Işewür wekiliýet «Aka-Ausfuhrkredit-Gesellschaft GmbH» maliýe guramasynda «tegelek stoluň» başyna jemlendi

01.11.2025
66

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda türkmen wekiliýeti «Aka-Ausfuhrkredit-Gesellschaft GmbH» maliýe guramasynda «tegelek stol» duşuşygyna gatnaşdy.

     Türkmenistan  we Aka-Ausfuhrkredit Gesellschaft (AKA Bank) bilelikdäki taslamalary goldamaga gönükdirilen işjeň işewür gatnaşyklary saklaýarlar. AKA Bankyň wekilleri Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýarlar.

      Bu gezekki duşuşykda hem söwda - ykdysady ulgamda we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan  ugurlarynda  geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

      Duşuşygyň ahyrynda taraplar bir-birege iň ýagşy arzuwlaryny beýan edip, hyzmatdaşlygy mundan buýana-da ösdürmäge hemişe taýýardyklaryny bellediler.

                                                       

                                                     Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                   Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň