Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Işewür hyzmatdaşlyga badalga

25.11.2024
36
Card image cap

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri bilen Edaranyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçilikleriň gerimi hakynda pikir alşyldy. Şeýle hem bu ugurda iki ýurduň işewürleriniň özara saparlarynyň, duşuşyklarynyň we sergileri geçirmegiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür hyzmatdaşlyk ýolunda täze ädimlere özboluşly badalga bolan bu duşuşygyň dowamynda myhmanlar 2025-nji ýylyň fewral aýynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Lahor şäherinde geçiriljek, azyk senagaty boýunça sergä ýurdumyzyň döwlet edaralaryny hem-de türkmenistanly hususyýetçileri çagyrdylar.

Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem öz gezeginde Pakistanyň Milli sergisini we işewürler maslahatyny Türkmenistanda geçirmek baradaky pikiri myhmanlaryň dykgatyna ýetirdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň