2024-nji
ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Halkara
ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─ 2024» atly halkara
maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Bu giň möçberli çärede halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr
geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri:
awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen
baglanyşykly möhüm meselelere, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak,
durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany
ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň
ösüşinde ylmyň we bilimiň ähmiýeti bilen bagly ekspozisiýalara giňden orun
beriler.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we
ösüş ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi ertir hem dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.