«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň elektron söwda platformalarynyň aýratynlyklary, hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanyşdyrylyldy. «Halkara söwda we hyzmatlar» gatnaşyjylara öz maslahat beriş hyzmatlaryny hem hödürledi. Eksporty ösdürmek, sanly marketing we sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça we sertifikatlaşdyrma, önümleriň belgilenmegi we halkara talaplara laýyklyk babatda milli hem halkara bilermenleriň gatnaşmagynda maslahat beriş hyzmatlary ýerine ýetirildi.
Bu çärä ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň işjeň gatnaşmagy olaryň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemäge ukyply möhüm düzüme öwrülýändiklerini görkezýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.