«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy halkara giňişligine çykmak isleýän kiçi we orta telekeçiligi goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen meýdança hökmündäki wezipesini üstünlikli amala aşyrdy. ITSE 2025 öz meýdançasynda eksport edijileri we öndürijileri, täze harytlaryň we üpjün edijileriň gözlegindäki bölekleýin we lomaý ulgamynyň wekillerini, halkara derejesinde iş alyp barýan söwda bilermenleri we işewür-maslahatçylary, şeýle hem elektron täjirçilik pudagyndaky telekeçileri hem-de söwdanyň we hyzmatlaryň ösüşi üçin innowasion çözgütleri hödürleýän tehnologiki öňdebaryjylary jemledi.
Sergi-ýarmarka we halkara maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen bir hatarda, 30-dan gowrak daşary ýurtdan wekiller gatnaşdylar. Sergi-ýarmarka daşary ýurtlaryň kompaniýalary işjeň gatnaşyp, türkmen bazaryna hödürleýän harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.
Halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen «Ýangyç-energetika pudagynda sertifikatlaşdyryş», «Azyk senagaty», «Dokma we ýeňil senagat», «Maglumat tehnologiýalary we startaplar üçin ülňüler», «Merkezi Aziýa sebitinde söwda, ülňüler, sertifikatlaşdyryş we akkreditasiýa meseleleri» atly bölümçelerde gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bar bolan mümkinçilikler, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi giňişleýin ara alynyp maslahatlaşyldy. Halkara çäreleriň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, sertifikatlaşdyryş guramalarynyň arasynda birnäçe duşuşyklaryň geçirilip, hyzmatdaşlyk boýunça resminamalar baglaşyldy.
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasynyň ýapylyş dabarasynda gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda türkmen telekeçileri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.