Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara Sergiler Býurosynyň Dolandyryş we býujet komitetiniň mejlisi geçirildi

20.03.2025
69
Card image cap

          2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda möhüm taryhy waka  – Halkara Sergiler Býurosynyň Dolandyryş we býujet komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.  Bu maslahata Halkara Sergiler Býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes hem gatnaşdy.

         Mejlisiň dowamynda birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen gün tertibi ylalaşylmagy we öňki mejlisiň Teswirnamasynyň tassyklanylmagy bilen iş başlandy. Soňra, içerki auditor tarapyndan taýýarlanan 2024-nji ýyl boýunça maliýe hasabaty diňlenildi we seljerildi.

       Şeýle-de 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EXPO 2025» sergisi bilen baglanyşykly meseleler barada giňişleýin pikir alşyldy. Bu çäre bilen bagly maliýe meýilnamalary we hereketleri hem jikme-jik seljerildi.

           Mejlisiň ahyrynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça degişli kararlar kabul edildi we geljekde alnyp barylmaly işler kesgitlenildi. Ýeri gelende bellesek, bu mejlis öz taryhynda ilkinji gezek gaýry ýurtda – Garaşsyz Türkmenistanda geçirildi.  Bu bolsa Halkara Sergiler Býurosynyň Türkmenistanyň sergiler we sergi diplomatiýasy ugrundaky işlerine uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň