30.04.2025
                    
                                      
                                                            
                                              «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmenistanda
halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyna gatnaşyjy halkara guramalary we daşary ýurt kompaniýalary bilen türkmen
tarapynyň arasynda  birnäçe duşuşyklar
guralyp, özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimi giňeýär.
     29-njy aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň «World Halal
Summit»  Geňeşiniň Prezidentiniň,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Messe Frankfurt» kompaniýasynyň,
Gazagystan Respublikasynyň «World Free Zones Organization»  guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar
geçirildi. Duşuşyklarda  söwda-ykdysady
mümkinçilikleriň gerimi hakynda pikir alyşyldy. Şeýle hem bu ugurda  işewürleriň özara saparlaryny, duşuşyklaryny
we sergileri geçirmegiň ähmiýeti ara alynyp maslahatlaşyldy.  
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasynyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň çäklerinde işewürlik duşuşyklary dowam edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.